'Siona tarap ýöriş' ("Marching to Zion" - trailer in Turkmen)

Video

May 6, 2015

Mundan 4 000 ýyl öň Mesopotamiýada Hudaý Ybraýyma ýüzlenip şeýle diýipdir: “Sen öz ýurduňdan, hem garyndaşlaryňdan, hem ataň öýünden çykyp gaýt we meniň saňa görkezjek ýerime bar. Men senden beýik millet dörederin.” Ybraýym Rebbisiniň aýdanyny edip, arzuw edilýän Hanaan ýurduna gelip, bu ýerde öz ogly Yshak we agtygy Ýakub bilen ýaşapdyr. Ýakubyň ady soňra “Ysraýyla” üýtgedilipdir.

Ysraýyl hem-de onuň 12 ogly Hanaandaky açlyk sebäpli Müsüre gidipdir we ol ýerde ullakan bir millete öwrülipdirler. Müsürliler özleriniň arasynda ýaşap ýören bu kuwwatly milletden gorkupdyrlar, bulardan howp abanýandygyny duýup, bu milleti gul edipdirler we gulçulugyň ezýetli durmuşyna sezewar edipdirler. Müsürde 430 ýyldan soň bular Musa tarapyndan gulçulykdan azat edilip, Gyzyl Deňizden geçip Arabystana gelipdirler. Bu ýerde Sinai dagynda olara Hudaýyň pentleri indirilipdir.

Musa bilen Müsürden gelen Ysraýyl nesillerine arzuw edilýän ýere barmak gadagandy çünki bular Hudaýa ynanmaýardy. Bular özlerinden bolan täze nesil ulalyp kemala gelinçä 40 ýyllap çöl içinde sergezdan bolup gezmäge mejbur bolupdyr. Bu täze nesil Hudaýa iman getiripdir we Joşuanyň ýolbaşçylygynda arzuw edilýän ýurda gelipdir.

Takmynan 400 ýylyň dowamynda Ysraýylyň 12 taýpasy Musanyň kanunyna laýyklykda Kazylar tarapyndan dolandyrylypdyr. Haçanda olar beýleki milletlerde bolşy ýaly özlerine patyşa saýlamak islänlerinde, Hudaý bulara Sauly patyşa edip belläpdir, ol 40 ýyllap bulara patyşa bolupdyr, soňra Patyşa Dawut milleti 40 ýyllap dolandyrypdyr, soňra onuň ogly Süleýman 40 ýyllap patyşa bolupdyr. Süleýmanyň hökmürowanlygy döwründe Ysraýyl kuwwatly patyşalyga öwrülipdir hem-de birinji ybadathana gurulypdyr emma ýaşynyň soňunda Süleýman Hudaýdan ýüz döndürendigi sebäpli Hudaý oňa taýpalaryň onusy onuň ogluna tabyn bolmajakdygyny aýdypdyr.

Süleýmanyň ölüminden soň Ysraýyl patyşalygy bölünipdir we demirgazykdaky 10 taýpa Dawudyň hem-de Süleýmanyň neslinden bolmadyk birnaçe zalym patyşalar tarapyndan dolandyrylypdyr. Bu Demirgazyk Patyşalyk Ysraýyl adyny saklap gelipdir we Samaria şäheri onuň paýtagty bellenipdir. Ondan kiçiräk Günorta Patyşalygy Ýudah ady bilen tanalypdyr we munuň paýtagty Iýerusalim bolupdyr hem-de ol Dawudyň nesilleri tarapyndan dolandyrylypdyr. 16-nyň 2-nji patyşasyndan başlap Günorta Patyşalygyň halky Ýudah patyşalygynyň adyndan gelip çykan “Ýahud” ady bilen tanalypdyr.

Ahlaksyzlygy sebäpli Ysraýylyň Demirgazyk Patyşalygy Assiriýalylar tarapyndan agdarylyp, basylyp alynypdyr. Galan Ysraýyllylar basybalyjy butparaz milletler bilen garyşypdyr. Bu adamlar Samaritýanlar ady bilen tanalypdyr hem-de Demirgazyk Ysraýylyň şol 10 taýpasy soňra hiç haçan bir millet bolmandyr.

Günorta Patyşalyk halkynyň başga Hudaýa uýýandygy sebäpli Wawilon tarapyndan basylyp alynypdyr we ybadathana ýumrulypdyr, emma Iudeýler 70 ýyldan soň Iudeýa dolanyp gelip, Iýerusalimda ybadathanany täzeden dikeldipdirler we täzeden Dawudyň nesillerinden bolan patyşalar tarapyndan dolandyrylyp başlapdyr.

Isa döwründe Ýudah halky Iudeýa ady bilen tanalyp Rimlileriň tabynlygynda bolupdyr. Isa we onuň egindeşleri Iudeýada Injili wagz edip Ysraýyl ýurdunda ýiten goýuny gözläpdirler. Üç ýarym ýyl ruhanylykdan soňra “Ýahudylar” Isany ret edip, ony Messiýa, ýagny halasgär hökmünde Kabul etmeýär, hem-de Isany haça çüýläp öldürmeklige Rim häkimini yrýar. 3 günden soňra ol täzeden direlip okuwçylarynyň gözüne görünýär-de Hudaýyň sag eli hökmünde asmana tarap, Jennete göterilýär.

Isa öldürilmeginiň öňüsyrasynda özüniň ret edilmeginiň jezasy hökmünde Iýerusalimiň ýakyljakdygyny, ybadathananyň ýumuryljakdygyny, hem-de Ýahudylaryň ýurdundan ýesir alnyp başga halklaryň arasyna sürüljekdigini öňünden aýdyp geçýär. Isanyň bu sözleri hakykatdan hem 70 ýyldan soň Rim ipmeratory Titus Iýerusalimy basyp alandan soňra hasyl bolýar. 1800 ýyldan gowrak Ýahudylar beýleki milletleriň arasynda dagynyk ýagdaýda ýaşap gezýär.

Soňra 1948-nji ýylda mümkin bolmadyk bir waka bolup geçýär. Ysraýyl döwletiniň düýbi tutulýar we ýahudylar ýene arzuw edilen ýeriň eýeleri bolýarlar. Köp hristianlar bu wakany Hudaýyň gudraty we eradasy diýip yglan edýär, emma bu waka hakykat ýüzünde Hudaýyň eradasymy ýa garaňky bukuda ýerleşen näbelli güýçleriň işimi? Bu film ol soraga jogap berer.

 

 

 

mouseover